Biziň maksadmyz müşderilerimiziň üstünlik gazanmagyna kömek etmek

Karýera

“Hukuk Dünýäsi” kärhanasynda işlemek

Hil we abraý
Medeniýet we gymmatlyklar
Ösüş we özgerme
Çeýe we utgaşykly işlemek
Jemgyýetçilik täsiri

Hil we abraý

Biziň hukuk kärhanamyz, ussatlygyň ynam bilen birleşýän ýeridir. Biz ýokary hilli işi we abraýy birinji orunda goýýan zehinli hünärmenler toparynyň üstünligiň açarydygyna ynanýarys.

Bize goşulmak bilen, Siz başarnyklaryny gün-günden kämilleşdirýän we çylşyrymly hukuk meselelrini çözmäge mümkinçiligi bolan işgärler toparynyň bir bölegi bolarsyňyz. Kärhanamyz işgärlere ösen gurallara elýeterliligi döretýär, başlangyçlary höweslendirýär we hünär derejesini kämilleşdirmek üçin gerekli gurşawy döretýär.

Eger Siz hem tejribäniň, bitewiligiň we jogapkärçiligiň ýokary baha berilýän şertlerinde işlemek isleýän bolsaňyz, onda Sizi öz aramyzda hoş gördük!

Medeniýet we gymmatlyklar

Biziň hukuk kärhanamyzda dogruçyllyga, adalatlylyga we hormata esaslanýan hünär medeniýetini üns bilen gorap saklaýarys we ösdürýäris. Biz adaty hukuk ýörelgelerine sarpa goýýarys we olary häzirki zaman iş standartlary bilen deň birleşdirýäris.

Biziň toparymyz ynam, hyzmatdaşlyk we kämillige ygrarlylyk esasynda gurulýar. Biz uly hukuk hünärmenleriniň tejribesine hormat goýýarys we kämilligiň dowamlylygyny üpjün etmek üçin bilimi ýaş hünärmenlere geçirýäris.

Bize goşulmak bilen Siz, ýokary ahlak ýörelgeleri we iş etikasy üstünligiň esasynda goýýan hukuk jemgyýetiniň bir bölegi bolarsyňyz.

Ösüş we özgerme

Biziň hukuk kärhanamyz professional we şahsy ösüş üçin ähli şertleri döredýär. Biz kärhananyň üstünliginiň işgärleriň kämilleşmeginden başlanýandygyna ynanýarys, şonuň üçin işgärlerimiziň başarnyklaryny kämilleşdirmegine we täze hukuk ugurlaryny özleşdirmegine goldaw berýäris.

Biz ösen bilim programmalaryny ulanmaga, ýörite seminar we konferensiýalara gatnaşmaga we öňdebaryjy hukuk hünärmenleri bilen terjibe alyş-çalyşygy üçin mümkinçilikler döretýäris.

Biz bilen işlemek arkaly, Siz diňe bir öz karýeraňyzy gurmak bilen çäklenmän, eýsem, pikirdeşleriňiziň hünärmenleriňiziň arasynda özüňizi gün-günden kämilleşdirme mümkiçiligini gazanarsyňyz.

Çeýe we utgaşykly işlemek

Biz her meselä aýratyn çemeleşmäge ýokary baha berýäris we iş netijeliginiň amatly iş şertleri bilen gazanylýandygyna ynanýarys. Şonuň üçin her bir işgäre iş jogapkärçiligi bilen şahsy durmuş aralygynda deňagramlylygy saklamaga mümkinçilik berýän çeýe tertibi we häzirki zaman gurallary ornaşdyrýarys.

Iş ýeriniň çeýeligi, bize müşderiniň talaplaryna tizden-tiz jogap bermäge, üýtgäp durýan şertlere uýgunlaşmaga we ýokary öndürijiligi saklamaga mümkinçilik berýär. Biz öz hünärmenlerimize ynanýarys we olaryň başarnyklaryny has ýokary derejä ýetirip biljek gurşawy döredýäris.

Jemgyýetçilik täsiri

Biziň hukuk kärhanamyz diňe bir hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetçilik durmuşyna hem işjeň gatnaşýar.

Biz jemgyýet jogapkärçiliginiň wezipämiziň möhüm bölegidigine ynanýarys.

Biziň bilen işleşmek bilen, Siz işiňizde üstünlik gazanmak bilen çäklenmän, eýsem, adamyň durmuşynda hakyky üýtgeşikligi döretmäge niýetlenen işdeşler toparymyzyň bir bölegi bolarsyňyz.

Biziň bilen habarlaşyň

Ilkinji maslahatlaşygyňyzy alyň!

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, Nyýazow köçesi, jaý 174 A

Telefon nomerimiz:

+993 (12) 211628

Duşenbe - Anna günleri:

9:00 – 17:00

Şenbe güni:

10:00 – 14:00

Maglumatlaryňyz

Näme üçin bizi saýlamaly?

01

Tejribe we başarnyk

Biziň toparymyz dürli pudaklarda köp ýyllyk tejribesi bolan, ýokary derejeli başarnykly hukukçylardan ybaratdyr.

02

Her adama aýratyn çemeleşme

Her müşderi we her mesele özüçe tapawutludyr. Şonuň üçin biz her ýagdaýa aýratyn üns bilen seljerýäris.

03

Aýdyňlyk we akýüreklilik

Biz şertleri, hyzmat bahalaryny we ähtimal bolan töwekgelçilikleri açyk gürleşýäris. Şonuň üçin hem, hiç hili gizlin tölegler ýa-da garaşylmadyk çykdajylar ýüze çykmaýar.